Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni söwdalarynda Özbegistanyň wekili “B” kysymly karbamidiň 5 müň tonnasyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdy.
“Marykarbamid” zawodynda öndürilen mineral dökünleriň bir tonnasy 442,50 ABŞ dollaryndan satyldy, önümiň bahasy ozalky söwdalar bilen deňeşdirilende 2,7% arzanlady. Bu barada TDHÇMB anna güni mälim etdi.
Karbamidiň eksporty boýunça baglaşylan geleşigiň umumy bahasy 2,2 million ABŞ dollaryna deň boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 3 million 251 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.