Türkmen tarapy Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasy boýunça işleri çaltlaşdyrmak isleýär. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň Lahor Söwda-senagat edarasyna (LCCI) eden saparynyň dowamynda aýdanlaryna salgylanyp, DAWN gazeti sişenbe güni habar berdi.
Türkmen ilçisi bilen bilelikde Lahor Söwda-senagat edarasyna Nepalyň we Azerbaýjanyň ilçileri hem sapar etdiler.
Atajan Möwlamow ýurdumyzyň Pakistan bilen ýokary derejeli gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini we TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça işleriň tizleşdirilmegine gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Türkmenistanda üstaşyr söwda üçin logistika merkeziniň döredilendigini aýdyp, türkmen ilçisi Pakistandaky Karaçi we Gwadar portlaryna girmek mümkinçiligiň möhümdigini nygtady.
Dünýäniň ikinji iň uly gaz gory bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli uzaýan 1 müň 800 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gazy daşamagyna garaşylýar.