Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçirilen söwdalarynda umumy bahasy 5,4 million ABŞ dollaryna deň bolan suwuklandyrylan gazy we uçar kerosinini eksporta ugratmak boýunça 12 geleşik baglaşyldy.
Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri suwuklandyrylan gazyň jemi 6 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 3,1 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Suwuklandyrylan gazyň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende 11,4 % pese düşdi we bir tonnasynyň bahasy 519 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada TDHÇMB çarşenbe güni mälim etdi.
BAE-niň wekili söwdalarda TS-1 görnüşli uçar kerosininiň 2 müň tonnasyny satyn aldy. Geleşgiň umumy bahasy 2,3 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu önümiň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende 6,5 % ýokarlanyp, bir tonnasynyň bahasy 1 müň 180,50 ABŞ dollaryna barabar boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 29 million 727 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.