Awgust IV hepde: eksport geleşikleri $5,5 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Awgust IV hepde: eksport geleşikleri $5,5 milliona golaýlady
Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 5 million 475 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 14 million 247 müň manatdan gowrak “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, gurluşyk serişdelerini, plastik önümlerini, şeýle-de el halylaryny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022