Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçirilen söwdalarynda uçar kerosinini, ýokary dykyzlykly polietileni, karbamidi we elde dokalan halylary satmak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Beýik Britaniýanyň, BAE-niň hem-de Wirjin adalarynyň işewürleri jemi 13,4 müň tonna TS-1 görnüşli uçar kerosinini satyn aldylar. Ýangyjyň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende 3,9% ýokarlandy we bir tonnasynyň bahasy 1 müň 227,25 ABŞ dollaryna deň boldy. Geleşikleriň umymy bahasy 16,5 million ABŞ dollaryndan geçdi. Bu barada TDHÇMB sişenbe güni mälim etdi.
Azerbaýjanyň we Owganystanyň wekilleri “Marykarbamid” zawodynda öndürilen “B” görnüşli karbamidiň 4 müň tonnasyny satyn aldylar. Onuň bir tonnasynyň bahasy 434,50 ABŞ dollaryna deň bolup, soňky söwdalardaky bilen deňeşdirilende 1,8% pese düşdi. Geleşikleriň umumy bahasy 1,7 million ABŞ dollaryna deň boldy.
Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler 414 müň manatlyk Т60-475-119 görnüşli ýokary dykyzlykly polietileniň 23 tonnasyny hem-de 2,4 müň manatlyk elde dokalan halylary satyn aldylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 5 million 475 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.