“Ak bulut” kompaniýasy asma potoloklaryny Azerbaýjana eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ak bulut” kompaniýasy asma potoloklaryny Azerbaýjana eksport etdi
“Ak bulut” kompaniýasy bir ýylda 4 million inedördül metr asma potoloklary, profilleriň dürli görnüşlerini we olaryň goşmaça serişdelerini öndürýär.

“Ak bulut” hojalyk jemgyýeti ýakynda Azerbaýjana asma potoloklaryň 6 müň 700 inedördül metrini we T hem-de L görnüşli profilleriň müňlerçe inedördül metrini eksport etdi. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat gullugy (TSTB) geçen penşenbe güni habar berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gurluşyk harytlaryny goňşy döwletlere ugratmak boýunça hem işewürlik gepleşikleri geçirilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ak bulut” kompaniýasy bir ýylda 4 million inedördül metr asma potoloklary, profilleriň dürli görnüşlerini we olaryň goşmaça serişdelerini öndürýär.

Bu hojalyk jemgyýeti golaýda önümleriniň hili, menejmentlik, işgärleriň hukuklary we beýleki wajyp görkezijiler boýunça halkara ISO güwänamasyny almak üçin barlaglardan üstünlikli geçmegi başardy.

“Ak bulut” HJ geljekde tehnologik ösüşleriň has soňky mümkinçiliklerini peýdalanmak arkaly, “akylly” potoloklardyr diwarlyklaryň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýär. Bu ulgam öýüň ýa-da binanyň ulgamlaryny uzak aralykdan, sanly ulgam arkaly dolandyrmak mümkinçiligini üpjün eder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022