TDHÇMB-da dizel ýangyjy, suwuklandyrylan tebigy gaz we nah ýüplük satyldy

BIZNES TURKMENISTAN
TDHÇMB-da dizel ýangyjy, suwuklandyrylan tebigy gaz we nah ýüplük satyldy
Owgan işewürleri 3 müň tonna suwuklandyrylan tebigy gaz (STG) satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 1,6 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçirilen söwdalarynda dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan tebigy gazy, nah ýüplügi satmak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Türkiýäniň we Owganystanyň wekilleri gidro usulda arassalanan dizel ýangyjynyň 14,2 müň tonnasyny satyn aldylar. Nebit önüminiň bahasy öňki söwdalardaky bilen deňeşdirilende 7,8% ýokarlandy we bir tonnasynyň bahasy 1 müň 121,25 ABŞ dollaryna deň boldy. Geleşikleriň umumy bahasy 15,9 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada TDHÇMB sişenbe güni habar berdi.

Owgan işewürleri 3 müň tonna suwuklandyrylan tebigy gaz (STG) satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 1,6 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Şol bir wagtyň özünde STG-niň bahasy ozalky söwdalar bilen deňeşdirilende 3,4% ýokarlandy.

Gyrgyzystandan gelen işewürler 235,9 müň ABŞ dollarlyk nah ýüplük satyn aldy. Şeýle-de BAE-niň wekili 1,6 million manada nah ýüplük satyn almak üçin geleşik baglaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 5 million 475 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022