Awgust soňky hepde: eksport geleşikleri $54,5 milliondan geçdi

BIZNES TURKMENISTAN
Awgust soňky hepde: eksport geleşikleri $54,5 milliondan geçdi
Daşary ýurt walýutasyna uçar kerosini, ýokary hilli, “B” kysymly karbamid, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjy, suwuklandyrylan gaz, az kükürtli ýakyş mazudy we tehniki ýod satyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 54 million 539 müň 350 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Beýik Britaniýadan, BAE-den, Owganystandan, Azerbaýjandan, Türkiýeden we Maltadan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna uçar kerosinini, ýokary hilli, “B” kysymly karbamidi, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, az kükürtli ýakyş mazudyny we tehniki ýody satyn aldylar.

Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Manat serişdesine BAE-den gelen işewürler Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen, jemi bahasy 1 million 684 müň 375 manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 15 million 416 müň 400 manatlykdan gowrak ýokary hilli polietileni, el halylary we gurluşyk önümlerini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022