Türkmenistanyň baş diplomaty Er-Riýadda birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň baş diplomaty Er-Riýadda birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi
Raşid Meredow bilen Saud Arabystanyň Ösüş gaznasynyň baş direktory Sultan bin Abdulrahman Al-Marşadyň penşenbe güni Er-Riýaddaky duşuşygy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (AHG) Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen strategiki gepleşigiň çäklerinde çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Türkmenistanyň baş diplomaty Saud Arabystanynyň, Omanyň, BAE-niň, Bahreýniň, Kataryň, Kuweýtiň we Gazagystanyň Daşary işler ministrleri bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşyklaryň dowamynda iki taraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda söwda-ykdysady we maýa goýum, syýasy-diplomatik we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, sebitleýin ulag taslamalaryny ilerletmäge üns berildi.

“Arab News” gazetiniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Saud Arabystanynyň Ösüş gaznasynyň ýolbaşçysy Sultan bin Abdulrahman Al-Marşad bilen duşuşdy. Taraplar ösüş ugrunda hyzmatdaşlygy ilerletmek we Türkmenistanda bu ugurda taslamalar üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (AHG) strategiki gepleşik boýunça ilkinji ministrler duşuşygynyň netijesinde söwda, maýa goýum, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ugurlary boýunça amaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen 2023-2027-nji ýyllar üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny (Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ýol kartasyny) kabul edildi.

2022