TDHÇMB-da penşenbe güni $7,8 millionlyk nebit önümleri satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da penşenbe güni $7,8 millionlyk nebit önümleri satyldy
Owgan işewüri bahasy 7,6 million ABŞ dollary bolan gidro usulda arassalanan dizel ýangyjynyň 7,6 müň tonnasyny satyn almak üçin geleşik baglaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni geçirilen söwdalarynda nebit önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Bu geleşikleriň umumy bahasy 7,8 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Söwdalaryň dowamynda Türk işewüri jemi 190,4 müň ABŞ dollaryna deň bolan göni işlenilen benziniň 325 tonnasyny satyn aldy. Geçen söwdalar bilen deňeşdirilende önümiň bahasy 1,7 göterim peselip, bir tonnasynyň bahasy 586 ABŞ dollaryna deň boldy diýip, TDHÇMB anna güni mälim etdi.

Şeýle-hem, owgan işewüri bahasy 7,6 million ABŞ dollary bolan gidro usulda arassalanan dizel ýangyjynyň 7,6 müň tonnasyny satyn almak üçin geleşik baglaşdy. Nebit önüminiň bahasy öňki baglaşylan geleşikler bilen deňeşdirilende, 1 göterim artyp, bir tonnasynyň bahasy 1 008,25 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 54,5 million ABŞ dollaryna deň boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022