Telekeçilikde bäsdeşligiň çäklendirilmegine ýol berilmezligi nämeden ybarat?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Telekeçilikde bäsdeşligiň çäklendirilmegine ýol berilmezligi nämeden ybarat?
Önümçiligi çäklendirmek, bazarlary paýlaşmak, höküm ýörediji ýokary ýa-da pes nyrhlary saklamak hakynda dilleşik baglaşylmagyna ýol berilmeýär.

“Telekeçilik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda eger Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynda başga hili göz önünde tutulmadyk bolsa¸ telekiçileriň bäsdeşligi çäklendirýän hereketleri ulanmagyna ýol berilmeýär, şol sanda hem aşakdaky hereketlerine ýol berilmeýär:

  • bäsdeşiň abraýyny gaçyrýan hereketleriň edilmegine, önümçiligi çäklendirmek, bazarlary paýlaşmak, höküm ýörediji ýokary ýa-da pes nyrhlary saklamak hakynda dilleşik baglaşylmagyna;
  • beýleki öndürijileriň önüminiň nusgasyny göçürip almaga mümkinçilik berýän keseki haryt (firma) nyşanlarynyň, maglumatlarynyň alynmagyna - öz adyna geçirilmegine, şeýle hem kanunda göz önünde tutulmadyk gaýry hereketleriň edilmegine.

Bäsdeşligiň çäklendirilmegi hem-de kanunda göz öňünde tutulmadyk beýleki hereketleriň netijesinde alnan peýda bellenen tertipde olaryň elinden alynmalydyr.

Çeşme: “Telekeçilik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022