Putin: Russiýa Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Putin: Russiýa Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky duşuşyk, 15-nji sentýabr, 2022-nji ýyl, Samarkant, Özbegistan (Surat: “Kremlin.ru”)

Russiýa Türkmenistan bilen diňe bir energetika pudagynda däl, eýsem beýleki pudaklarda hem ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň penşenbe güni Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitiniň çäginde türkmen kärdeşi bilen geçiren duşuşygynda aýdanlaryna salgylanyp, ''TASS'' agentligi  habar berdi.

“Biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzda energetika pudagy esasy oruny eýeleýär” diýip Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin belledi we “Gazprom”, “Tatneft” kompaniýalarynyň Türkmenistandaky işlerine aýratyn üns berdi.

''Biz özümiziň ykdysady gatnaşyklarymyzy hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary arkaly has-da ösdürmegi maksat edinýäris we Türkmenistanyň bazarlarynda çig mal önümleriniň üpjünçiligini artdyrmaga taýýardyrys'' diýip, Wladimir Putin sözüniň üstüni ýetirdi.

Wladimir Putiniň aýtmagyna görä häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde 190-dan gowrak rus kärhanalary işleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow öz gezeginde ŞHG-nyň sammitiniň çäginde gurnalan duşuşyga kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem, Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejededigini belläp, parlamentara gatnaşyklarynyň hem ösýändigini belledi.

Şeýle-de şu ýylyň oktýabr aýynda Russiýa Federasiýasynyň Geňeşiniň başlygynyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa sapar etjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar.

2022