Serdar Berdimuhamedow ŞHG ýurtlary bilen ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny aýtdy

BIZNES TURKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow ŞHG ýurtlary bilen ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny aýtdy
Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Samarkant şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitinde ŞHG agza yurtlary bilen yklymara hem-de sebitleýin üstaşyr ugurlaryny ýola goýmaga taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

“Türkmenistanyň ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga açykdyr. Munuň üçin diňe bir anyk mümkinçilikler däl, eýsem, zerurlyk hem bar.” diýip, Döwlet Baştutanymyz belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyşyň dowamynda Türkmenistan harytlaryň we hyzmatlaryň yklymara hem-de sebitleýin üstaşyr ugurlaryny ýola goýmak üçin ŞHG-niň bähbitlerine öz çäklerini we infrastrukturalaryny peýdalanmak baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny, şeýle hem Türkmenbaşy şäherinde döwrebap, köpugurly Halkara deňiz portunyň bardygyny we Hazar ugruna uly orun degişlidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Hytaý — Merkezi Aziýa, Hazar deňzi — Gara deňiz ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini, logistik ulgamy döretmekde ŞHG-niň işjeň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän taraplary bilen Baltikadaky rus portlaryndan Pars aýlagyndaky, Arap deňzindäki we Hindi ummanyndaky deňiz terminallaryna çenli ýük daşamalary üpjün edýän ulag geçelgeleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ŞHG-niň agza ýurtlary  bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýardygyny belläp, geljekde daşarky bazarlara çykmak maksady bilen, energiýa serişdeleriniň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmegi we iş ýüzünde girişmegi teklip etdi.

2022