Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň ähmiýetine üns çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň ähmiýetine üns çekildi
Şeýle-de, Gazagystanyň sebit ýurtlarynyň özara baglanyşygyny üpjün etmäge gönükdirilen geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegini goldaýandygy bellenildi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Samarkant şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitinde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň uly mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy. Bu barada “Trend” agentligi anna güni habar berdi.

“Ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna, üstaşyr we ulag pudaklaryna, azyk we energiýa howpsuzlygyna aýratyn ünsi çekmek isleýärin. Netijeli ykdysady we ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça ŞHG ýurtlarynyň arasynda Hyzmatdaşlyk taslamasynyň kabul edilmegi logistik ulgamynyň baglanyşygyny gowlandyrmakda uly üstünlik boldy” diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew belledi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň aýtmagyna görä, Hytaý - Ýewropa ugry we Transhazar halkara ulag ýoly bilen baglanyşykly demirýol gatnawyny, şeýle hem Gazagystan bilen Hytaýyň serhedinde üçünji demir ýol geçelgesiniň gurulmagy meýilleşdirilýär.

“Men ŞHG agza ýurtlaryny bu ugurda açylýan mümkinçiliklerden peýdalanmaga çagyrýaryn. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly Gündogar Aziýadan  Pars aýlagynyň ýurtlaryna iň gysga ýol açýan uly mümkinçilik bolar. Şeýle hem, Gazagystan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy tiz depginde ösýär” diýip, Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.

Şeýle-de, Gazagystanyň sebit ýurtlarynyň özara baglanyşygyny üpjün etmäge gönükdirilen geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegini goldaýandygy bellenildi.

ŞHG-niň sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ŞHG agza yurtlary bilen yklymara hem-de sebitleýin üstaşyr ugurlaryny ýola goýmaga taýýardygyny aýtdy.

ŞHG 2001-nji ýylyň iýun aýynda esaslandyryldy. Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Hindistan, Pakistan we Özbegistan bu guramanyň agzalarydyr. ŞHG-nyň synçy ýurtlary Owganystan, Belarussiýa, Eýran we Mongoliýadyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022