BAE-Eýran-Türkmenistan ulag geçelgesini döretmek mümkinçiligine seredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
BAE-Eýran-Türkmenistan ulag geçelgesini döretmek mümkinçiligine seredildi
Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň söwda-ykdysady we ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) “Etihad Rail” demir ýol edarasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda BAE-Eýran-Türkmenistan ulag geçelgesini döretmek mümkinçiligine seredildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Bu duşyşyk 12-16-njy sentýabrda türkmen wekiliýetiniň BAE-ne iş saparynyň dowamynda geçirildi.

Saparyň dowamynda 14-16-njy sentýabrda türkmen wekiliýeti BAE-niň Baş Raýat Awiasiýa edarasynyň Baş direktorynyň orunbasary Omar bin Galebi, BAE-niň “Etihad Rail” demir ýol edarasynyň ýolbaşçylary, Dubaýyň Hökümetiniň Ykdysady ösüş we syýahatçylyk boýunça müdirýetiniň Baş direktorynyň orunbasary Ali Ybrahimi hem-de BAE-niň “Dubai Nasdaq” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň söwda-ykdysady we ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek üçin deňiz, demirýol we howa ulaglarynyň, şol sanda port infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini ulanmak barada pikir alşyldy.

Duşuşykda taraplar “Etihad Rail” demir ýol edarasy bilen Türkmenistanyň “Türkmendemirýollary” agentliginiň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak hem-de BAE-ne Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi bilen birleşmek mümkinçiligine garadylar.

Şeýle hem, Türkmenistan awiakompaniýasynyň we beýleki ulag edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri BAE-niň Baş Raýat Awiasiýa edarasy bilen özara gatnaşyklaryny we geljekki ädimlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

BAE-niň “Dubai Nasdaq” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirilip, onda birža boýunça awtomatlaşdyrylan resminama dolanyşygynyň, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlanylmagyň we gymmat bahaly kagyzlaryň biržada ulanylmagy ugrunda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meselelere seredildi.

Türkmen wekiliýeti 12-14-nji sentýabr aralygynda BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri, Abu-Dabi portunyň Baş ýerine ýetiriji direktory we dolandyryjysy, Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň Baş direktory, “Masdar” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiripdi.

2022