Türkmenistan 218 müň tonna golaý gazak bugdaýyny import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan 218 müň tonna golaý gazak bugdaýyny import etdi
Gazak bugdaý eksportynyň köp bölegi – takmynan 2,3 million tonnasy GDA ýurtlaryna ugradyldy.

Türkmenistan ýanwar-iýul aýlarynda Gazagystandan umumy bahasy 78,7 million ABŞ dollaryna deň bolan bugdaýyň we mesliniň (bugdaý bilen çowdaryň garyndysy) 217,9 müň tonnasyny import etdi. Bu barada “Energyprom.kz” agentligi sişenbe güni habar berdi. 

Gazagystan ýanwar-iýul aýlarynda jemi bahasy 1 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan bugdaýyň we mesliniň 3,3 million tonnasyny eksport etdi. Ýurduň eksportynyň ösüşi haryt görnüşinde 3,2%-e, pul hasabynda 40,4% -e deň boldy.

Bu önümleriniň köp bölegi – takmynan 2,3 million tonnasy GDA ýurtlaryna iberildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirlende 3% ýokarydyr. Olaryň aglaba bölegi Özbegistana (jemi bahasy 416,4 million ABŞ dollaryna deň bolan 1,5 million tonna), Täjigistana (jemi bahasy 137,4 million ABŞ dollaryna deň bolan 416 müň tonna) eksport edildi.

Degişli döwürde GDA döwletlerinden daşary ýurtlara 1 million tonna gazak bugdaýy ugradyldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirlende 3,6% ýokarydyr. Bu önümleriň köpüsi, ýagny 459 müň tonna golaýy Eýrana eksport edildi. Bu mukdar geçen ýylyň degişli döwründäkiden 34,2% ýokarydyr. Ýanwar-iýul aýlarynda Owganystan (267,3 müň tonna) we Italýa (151,2 müň tonna) gazak bugdaýyny import etdiler.  

Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň iýul aýynyň ahyryndaky ýagdaýa görä, gazak bugdaýynyň we mesliniň eksport bahalary iýun aýy bilen deňeşdirilinde 10,1%, ýylyň başy bilen deňeşdirilinde 14,5% we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 32,1% ýokarydyr.

Gazagystan 2020-2021-nji ýyllar möwsüminde ortaça 8,1 million tonna bugdaý eksport etdi.

2022