Russiýanyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýän II Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk komitetiniň mejlisini geçirdi. Bu barada Russiýanyň ykdysady ösüş ministrliginiň metbugat beýanaty penşenbe güni habar berdi.
Russiýanyň paýtagty Moskwada 5-6-njy oktýabrda geçiriljek foruma Hazar sebtiniň bäş ýurdynyň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň wekilleri gatnaşar we ýurtlaryň arasyndaky wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşylar.
Maksim Reşetnikow mejlisiň dowamynda “Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi bäş ýurt üçin has möhümdir – ol häzirki ýagdaýlarda ilkinji duşuşykdyr. Bizde işewürlik gatnaşyklary ösdürmäge goşmaça mümkinçilikler döredi. Bizde logistika, energiýa, syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny ilerletmäge umumy gyzyklanma bardyr” diýdi.
II Hazar ykdysady forumynyň dowamynda, 2022-nji ýylyň 29-njy iýunda Aşgabatda geçirilen VI Hazar sammitiniň netijeleri göz öňünde tutulyp, ulag we logistika, energiýa, syýahatçylyk we saglygy goraýyş boýunça derwaýys meseleler maslahatlaşylar, şeýle hem önümlçiligiň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça pikir alyşylar.
Ilkinji Hazar ykdysady forumy 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazaryň Türkmen kenaryndaky Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi.