Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlaglar gelip gowuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlaglar gelip gowuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli daşary ýurtly kärdeşlerinden gutlag hatlary gelip gowuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Hususanda, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Döwlet Baştutanymyzy doglan güni mynasybetli gutladylar.

Olar öz gutlaglarynda Döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, döwlet işlerinde täze üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdiler.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, tälimçi, kosmonawt-synagçy, “Roskosmos” korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko hem Türkmenistantň Prezidentine doglan güni mynasybetli gutlag hatyny ugratdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1981-nji ýylyň 22-nji sentýabrnda Aşgabat şäherinde dünýä indi.

2022