Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen kärdeşine berk jan saglyk, bagt we üstünlikleri arzuw etdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin penşenbe güni telefon arkaly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Söhbetdeşlikde türkmen-rus gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmäge we strategik hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ikitaraplaýyn garaýyşlar tassyklandy. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem Wladimir Putiniň Döwlet Baştutanymyza iberen gutlag hatynda “Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky iýun aýynda gol çekilen Jarnama, şübhesiz, dürli ugurlarda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan ösmegi üçin mümkinçilik döredýär” diýip, aýdylýar.

Wladimir Putin Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak hem-de iki ýurdyň halklarynyň bähbitleri üçin bilelikde iş alyp barmaga ygrarlydygyny kanagatlanma bilen belledi.

Mundan başga-da, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen kärdeşine berk jan saglyk, bagt we üstünlikleri arzuw etdi.

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Döwlet Baştutanymyzy doglan güni mynasybetli gutladylar.

2022