Balkanabat we Türkmenabat şäherlerinde täze ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi

BIZNES TURKMENISTAN
Balkanabat we Türkmenabat şäherlerinde täze ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi
Geljek ýyllarda täze binalaryň açylan künjeginde ýaşaýyş jaýlarynyň umumy sany 32-ä ýetirilip, bu ýerde täze mekdep, çagalar baglary, saglyk öýi, söwda merkezi we beýleki desgalar bina ediler.

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda we Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezi Balkanabatda Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanylmaga berildi. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi penşenbe güni habar berdi.

Balkanabatda açylan iki sany, her biri 40 hojalyga niýetlenen dört gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlary Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň düzümleriniň işgärleri üçin niýetlenendir. Täze üç we dört otagly öýlerden ybarat bolan jaýlaryň gurluşygyny Balkanabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki Demir-beton önümleri kärhanasynyň we “Daň ýagtysy” hususy kärhanasynyň hünärmenleri ýerine ýetirdiler.

Geljek ýyllarda täze binalaryň açylan künjeginde ýaşaýyş jaýlarynyň umumy sany 32-ä ýetirilip, bu ýerde täze mekdep, çagalar baglary, saglyk öýi, söwda merkezi we beýleki desgalar bina ediler.

Türkmenabatda açylan dört gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýy Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň işgärleri üçin niýetlenendir. Desganyň gurluşyk işleri “Amul ýoly” kompaniýasy tarapyndan alnyp baryldy.

Ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabaralarynyň dowamynda täze binalaryň gurluşygynda zähmet çekenlere Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

2022