Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirlen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) arasynda söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer, ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, şeýle-de hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça teklipleri hödürledi.
Daşary işler ministri Raşid Meredow hasabatynyň dowamynda ÝB bilen däp bolan gatnaşyklary işjeňleşdirmek we ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen taýýarlanylan teklipleri Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Baş diplomat “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň, “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” görnüşindäki gatnaşyklaryň, “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” parlamentara dialogynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy.
Hasabatyň ahyrynda Döwlet Baştutanymyz daşary işler ministrine özara bähbitli hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin bar bolan ýagdaýlary, onuň geljekki ugurlaryny nazara alyp, bu babatda ýerine ýetirilýän işleri degişli derejede dowam etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.