“CentralAsia.news” web sahypasynyň Türkmenistan boýunça ykdysady bilermeni Walentin Trapeznikowyň seljermesinde Türkmenistanyň azyk senagaty şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda gowy ykdysady netijeleri görkezdi diýip, aýdylýar. Bu barada “CentralAsia.news” web sahypasy anna güni habar berdi.
“Şübhesiz, agrosenagat toplumynyň ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmek örän wajyp bolup durýar. Döwlet goldawy bilen hususy önüm öndürijilere şert döredilmegi bilen baglylykda ýurduň telekeçileri oba hojalyk we maldarçylyk önümlerini öndürmekde öňdebaryjy orunlary eýelediler” diýip, Walentin Trapeznikow belledi.
Seljermä laýyklykda,Türkmenistanda 2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda şöhlat önümçiligi geçen ýyl bilen deňeşdirlende 19,7% ýokarlandy, şol sanda konditer önümçiligi 18%, konserwirlenen gök önümleriň we miweleriň önümçiligi 7%, çörek önümçiligi 6% ýokarlandy.
Şol bir wagtyň özünde mesge 5,4%, süýt önümçiligi 3,5%, unaş önümçiligi 1,3% ösdi. Şeýle hem, alkogolsyz içgiler, un, däne önümçiligi ösdürildi.
Degişli döwürde ýurduň hususy pudagy azyk senagat önümçiliginiň ýokarlanmagyna uly goşant goşdy. Hususan-da, şöhlat önümçiligi 22,1%, konditer önümçiligi - 19,7%, balyk we beýleki balyk önümçiligi - 18,8%, süýt önümçiligi - 5.0%, mesge - 7,7%, çörek önümçiligi - 7,3%, konserwirlenen gök önümleriň we miweleriň önümçiligi - 8.5%, däne önümçiligi - 20,4% ösüşe deň boldy.
Walentin Trapeznikowyň aýtmagyna görä, daşary ýurda eksport edilýän konditer, süýt we buz gaýmak önümleriniň görnüşleri we önümçiligi artýar. Çagalar üçin niýetlenen iýmitleriň önümçiligi hem ösýär. Hususy önüm öndürijileriň täze önümleriniň arasyna şokolad pastasy, 72% gara şokolad, şeýle hem kiçi ýaşly çagalar üçin tüwili şüleleriň dürli görnüşleri girýär.
“Konserwirlenen balyklaryň, miweleriň we gök önümleriň önümçiligi hem tiz depginde ösýär. Hususy önüm öndürijiler maýonezleriň, souslaryň, üwmeçleriň dürli görnüşlerini öndürýärler” diýip, bilermen aýtdy.
“Şeýlelikde, ýurduň azyk senagaty we hususy eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalar importyň ornuny tutýan önümçilik syýasatyny durmuşa geçirmäge we ýurduň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi bolsa ýurduň azyk howpsyzlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär” diýip, Trapeznikow belledi.
Halkara ülňülerine laýyklykda Türkmenistan duzy ýodlaşdyrmakda öňdebaryjy orny eýeleýär.