Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşdy

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşdy
Daşary ýurtly kärdeşleri öz gutlaglarynda Döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, döwlet işlerinde täze üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyñ 31 ýyllyk baýramy mynasybetli daşary ýurtly kärdeşlerinden gutlag hatlary gelip gowuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Hususanda, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Polşanyň Prezidenti Anjeý Duda, Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Singapuryň Prezidenti Halima Ýakob, Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbun we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli gutladylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişhem Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli gutlag hatyny ugratdy.

Olar öz gutlaglarynda Döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, döwlet işlerinde täze üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdiler.

Türkmenistan şu ýyl şanly Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyny belleýär.

2022