Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri oktýabrda duşuşyk geçirerler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri oktýabrda duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky duşuşyk, 15-nji sentýabr, 2022-nji ýyl, Samarkant, Özbegistan (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewden gutlag haty gelip gowuşdy. Gutlag hatynda “Biziň oktýabr aýynda boljak ýokary derejedäki duşuşygymyz, hem-de ozal gazanylan we netijeli durmuşa geçirilýän möhüm ylalaşyklarymyz, doganlyk halklarymyzyň umumy bähbitlerine we iki ýurduň ösdürilmegine hyzmat eder” diýip, aýdylýar.

Şeýle hem Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady we türkmen kärdeşine jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk, bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

“Siziň köptaraply işiňiz, ýurduňyzyň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen yzygiderli özgertmeleriňiz, sebit we dünýä derejesinde öňe sürýän başlangyçlaryňyz Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegine ýardam berýär. Ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk ruhundaky gatnaşyklar, iň ýokary derejedäki netijeli we yzygiderli dialog bizi örän buýsandyrýar” diýip, Şawkat Mirziýoýew gutlag hatynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitiniň çäginde geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da ilerledilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

2022