Aşgabat-Tokio-Aşgabat howa gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň mümkinçilikleri öwreniler

BIZNES TURKMENISTAN
Aşgabat-Tokio-Aşgabat howa gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň mümkinçilikleri öwreniler
Türkmenistan Ýaponiýa bilen ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çarşenbe güni Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Aşgabat-Tokio-Aşgabat ugurlary boýunça howa gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň mümkinçilikleriniň öwrenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Bu duşuşyk Gurbanguly Berdimuhamedowyň 25-nji sentýabrdan 1-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýa iş saparynyň çäginde geçirildi.

Duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.

Şeýle-de taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça bir pikirdediklerini beýan etdiler. Hasabatda aýdylmagyna görä, Türkmenistan Ýaponiýa bilen ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.

 “Türkmenistan” awiakompaniýasy 1-nji oktýabrdan Belarussiýanyň paýtagty Minsk şäherine yzygiderli halkara gatnawlaryny amala aşyryp başlady.

2022