Türkmen wekiliýeti Ýewropa Geňeşinde duşuşyklary geçirýär

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Ýewropa Geňeşinde duşuşyklary geçirýär
Saparyň maksatnamasyň çäginde türkmen wekilýeti Merkezi Aziýada hukugyň üsti bilen Demokratiýa üçin Ýewropa komissiýasy (Wenesiýa komissiýasy) we Ýewropa Geňeşiniň Mejlisi bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýewropa Geňeşiniň wekilleri bilen “Merkezi Aziýada hukugyň hökmürowanlygy” boýunça 2020-2023 ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäginde ikitaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygyň gelejegini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşenbe güni Strasburg şäherine dört günlük iş sapary başlandy. Bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümi Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Ýokary kazyýetiň we Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň wekillerinden ybaratdyr.

Saparyň ilkinji güni Ýewropa Geňeşiniň Merkezi edarasynda ýygnaklar geçirildi we olarda Ýewropa Geňeşiniň agzasy bolmadyk döwletler bilen gatnaşyklar, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Geňeşiniň arasyndaky tehniki hyzmatdaşlyk we umumy hukuk giňişliginiň döredilmegine hemaýat bermek - guramanyň agzasy bolmadyk döwletler üçin goşuluşmaga açyk bolan Ýewropa Geňeşiniň Konwensiýasyna goşulmak boýunça pikir alyşmalar boldy.

Saparyň maksatnamasynyň çäginde türkmen wekilýeti Merkezi Aziýada hukugyň üsti bilen Demokratiýa üçin Ýewropa komissiýasy (Wenesiýa komissiýasy) we Ýewropa Geňeşiniň Mejlisi bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşar.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýada hukukçylar üçin adam hukuklary çygrynda bilim boýunça Ýewropanyň maksatnamasynyň (HELP)  çäginde hyzmatdaşlygyň meselelerine, şeýle hem ykdysady jenaýatlara garşy göreşde (CA TAEC) hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine sereder.

Ýewropa Geňeşi agza döwletleriniň we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda hukuk ülňüleri, adam we raýat hukuklary we azatlyklary, demokratik ösüş, kanunyň hökmürowanlygy we medeni gatnaşyklar ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga gönükdirilen halkara guramadyr.

“Merkezi Aziýada hukugyň hökmürowanlygy” boýunça 2020-2023 ýyllar üçin Maksatnamasy Ýewropa Bileleşigi, Ýewropa Geňeşi, we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň çäginde işlenip düzüldi. Ol Ýewropa we beýleki halkara ülňülerine laýyklykda Merkezi Aziýa ýurtlarynda adam hukuklaryny, kanunyň hökmürowanlygyny we demokratiýany güýçlendirmegi maksat edinýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022