“Senagat tehnologiýalary” AGPJ aýna süýüminiň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TURKMENISTAN
 “Senagat tehnologiýalary” AGPJ aýna süýüminiň önümçiligini ýola goýdy
“Senagat tehnologiýalary” AGPJ ýylda 500 tonna bolan aýna süýümini öndürmäge ukyply.

Kom­po­zit ar­ma­tura­sy­nyň önüm­çi­li­gi­ni alyp bar­ýan “Senagat tehnologiýalary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AGPJ) aýna süýüminiň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Aýna süýümi kom­po­zit ar­ma­tu­ra­sy­ny öndürmek üçin ge­rek bo­lan çig ma­ldyr.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Algap» hususy kärhanasy bilen bilelikde döredilen bu kompaniýa önümiň nus­ga­lyk gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­di we de­giş­li döw­let eda­ra­la­ryn­dan la­ýyklyk ser­ti­fi­kat­la­ry­ny al­dy.

“Senagat tehnologiýalary” AGPJ ýylda 500 ton­na­ bo­lan aý­na sü­ýü­mi­ni öndürmäge ukyply.

Aýna süýüminiň ýanmazlyk, ýylylyga, himiki hem-de biologik täsirlere garşy durma ukyby bardyr. Şeýle hem bu önüm senagat we gurluşyk pudaklarynda giňden ulanylýar.

Şeýle-de bu kompaniýa, gaýtadan işlemek üçin ýurdumyzyň çäklerinde ulanyşdan galan çüýşe gaplaryny, aýna önümlerini ýygnamakda degişli işler alyp barýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022