Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady
Russiýanyň Lideri anna güni 70 ýaş ýubileýini belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine 70 ýaş doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

“Siziň durmuşyňyzyň şeýle ýatdan çykmajak gününde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge uly üns bermegiňiziň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek ýakymlydyr. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhleti göz öňünde tutýan we geljekki mümkinçilikleri nazarlaýan häsiýete eýedir. Biz halklarymyzyň bähbidine bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyrys” diýlip, Döwlet Baştutanymyzyň gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putini ýubileý ýaş toýy bilen ýene-de bir ýola gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Russiýanyň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Russiýanyň Lideri anna güni 70 ýaş ýubileýini belleýär. Wladimir Putin doglan gününde Sankt-Peterburgyň Konstantinowskiý köşgünde geçirilýän GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşar.

2022