Sankt-Peterburgda GDA döwlet baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Sankt-Peterburgda GDA döwlet baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet baştutanlarynyň resmi däl sammiti, 7-nji oktýabr, Sank-Peterburg (Surat: Kremlin.ru)

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet baştutanlarynyň resmi däl sammiti 7-nji oktýabrda Sankt-Peterburgyň Konstantinowskiý köşgünde geçirildi. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Sammite Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin "Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygy hem-de ykdysadyýetiň ösüşi GDA-nyň Gazagystanda geçiriljek sammitinde esasy tema bolar" diýip, belledi. 

“Şu gün, GDA döwletleriniň baştutanlarynyň geňeşiniň indiki hepde Astanada geçiriljek her ýylky mejlisiniň öňisyrasynda pikir alşyp bileris. Onuň gün tertibine Gazagystanyň baştutanlygy syýasatda, ykdysadyýetde we ynsanperwer ugurda integrasiýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini girizer. Hemişe bolşy ýaly tassyklamak üçin birnäçe resminamalar toplumy taýýarlanylýar " diýip, Russiýanyň Prezidenti aýtdy.

Gazagystanyñ baştutanlygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Astana şäherinde geçiriler.

2022