Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aleksandr Wan der Bellene Awstriýanyň Federal Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň halklarymyzyň abadançylygyna uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we ähli başlangyçlarynda üstünlikleri, Awstriýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw etdi.
Aleksandr Wan der Bellen saýlawçylaryň sesleriniň takmynan 56% alyp, Awstriýanyň Prezidenti saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Ol ilkinji gezek Awstriýanyň Federal Prezidenti wezipesine 2016-njy ýylyň 4-nji dekabrynda saýlandy.