Türkiýe Türkmenistanyň tebigy gazyny beýleki ýurtlaryň bazarlaryna üstaşyr geçirmäge taýýar. Bu barada “Anadolu” agentligi Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri Fatih Dönmeziň Berlinde geçirilen 4-nji türk-nemes energiýa forumynda eden çykyşyna salgylanyp, habar berdi.
Fatih Dönmez günorta-gündogar Ýewropa ýurtlarynyň köpüsi gaz isleglerini kanagatlandyrmak üçin Türkiýe bilen aragatnaşyk saklaýandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, Türkiýe energiýa çeşmeleri ýakyn sebitlerden islegleri bolan ýurtlara daşamakda möhüm orun eýeleýändir.
“Türkiýe Hazar sebitiniň tebigy baýlyklaryny, esasanam Türkmenistanyň tebigy gazyny, Ortaýer deňzi sebitiniň, esasan-da Ysraýylyň tebigy gazyny we geljekde Yragyň tebigy baýlyklaryny ýurdumyza we beýleki ýurtlaryň bazarlaryna ugradylmagy üçin elinden gelenini etmäge taýýar” diýip, Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri aýtdy.
Fatih Dönmez forumyň dowamynda Türkiýe we Germaniýa ýaşyl wodorod önümçilik pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça resminama gol çekendigini habar berdi.
Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaý iýul aýynda türkmen tebigy gazyny Türkiýä ibermek üçin üç ugruň işlenip düzülýändigini we bu ugurdaky taýýarlyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrdadygyny aýtdy.