Astanada ilkinji “Merkezi Aziýa-Russiýa” sammiti geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Astanada ilkinji “Merkezi Aziýa-Russiýa” sammiti geçirildi
Döwlet Baştutanlary Russiýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar. (Surat: kremlin.ru)

Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri anna güni Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen ilkinji “Merkezi Aziýa-Russiýa” sammitine gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanlary Russiýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Hususan-da, sammitiň dowamynda söwda-ykdysady meselelere we Owganystandaky ýagdaýlar bilen baglanyşykly sebitleýin howpsuzlyk meselelerine seredildi.

Sammitiň netijesi boýunça Döwlet Baştutanlary Bilelikdäki beýannamany kabul etdiler. Ol Ýewraziýa giňişliginde sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini öz içine aldy. Bu möhüm resminamada şeýle hem syýasy we howpsuzlyk, söwda-ykdysady ulgamlarda, medeni-ynsanperwer ugry boýunça mundan beýläkki gatnaşyklaryň geljegi beýan edildi.

Bilelikdäki beýannamada taraplar Owganystana ynsanperwer kömegiň berilmegini dowam etdirmegiň wajypdyny hem bellediler.

Rus hökümeti tarapyndan hödürlenen ilkinji “Merkezi Aziýa-Russiýa” sammiti Russiýa Federasiýasy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynda geçirildi.

2022