Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri Astanada gepleşikleri geçirdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri Astanada gepleşikleri geçirdiler
Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň Baştutanlary Gazagystan bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň geljegi barada pikir alyşdylar. (Surat: Akorda.kz)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Gazagystana ilkinji döwlet saparynyň çäginde Astana şäherinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy mähirli garşylap, iki ýurduň halklary taryhy we doganlyk gatnaşyklary bilen baglanyşyklydygyny, munuň özi bolsa gazak-türkmen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy.

“Türkmenistan Gazagystan üçin dogan döwlet bolup durýar. Biziň bilelikdäki serhedimiz, medeniýet ulgamynda, ynsanperwer gatnaşyklarymyzda we elbetde ykdysady gyzyklanmalar boýunça köp umumylyklarymyz bar” diýip, Gazagystanyň Prezidenti belledi. Şeýle hem “Söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, bu gün bilelikdäki tagallalar arkaly hyzmatdaşlygyň göwrümini nähili artdyryp boljakdygy we türkmen bazaryna ugradylyp biljek harytlaryň sanawynyň taýýarlanandygyny mälim etdi.

Bulardan başga-da, Tokaýew iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygy ep-esli artdyryp, ony 1 milliard ABŞ dollaryna ýetirip boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe beren çakylygy we bu ýurtda görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, özüniň Gazagystana ilkinji döwlet saparydygyny we ony iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm tapgyr hasaplaýandygyny belledi.

“Ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar dürli ugurlarda üstünlikli ösdi. Pursatdan peýdalanyp, sizi diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlamak isleýärin”diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we hoşniýetli sözlerini beýan etdi.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň Baştutanlary Gazagystan bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem energiýa, ulag we logistika, senagat we oba hojalyk pudagynda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilien GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we “Merkezi Aziýa-Russiýa” I sammitine gatnaşdy.

2022