Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Bartyn welaýatyndaky kömür şahtasynda bolup geçen partlamanyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere getirendigi zerarly gynanç bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna tüýs ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, şeýle-de ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Türkiýäniň metbugat serişdeleriniň habar bermegine görä, partlama anna güni Gara deňziň kenaryndaky Bartyn welaýatynyň Amasra şäherindäki kömür şahtasynda bolup geçdi.
Partlama ýüze çykan wagty kömür şahtasynda azyndan 110 şahtaçy işleýärdi. Bu pajygaly waka zerarly şahtaçylaryň 41-si aradan çykdy we 11-si ýaralandy.