Türkmenistan Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini döretmek boýunça Gazagystan bilen işlemäge taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini döretmek boýunça Gazagystan bilen işlemäge taýýar
Taraplar Aktau, Kuryk hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portlarynyň arasynda özara goşulyşmagy çuňlaşdyrmak meseleleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Astana şäherinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriniň çäginde Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça Hindi ummanyna we Pars aýlagyna çykýan Demirgazyk-Günorta geçelgesini döretmek boýunça Gazagystan bilen bilelikde işlemäge taýýardygyny aýtdy.

“Ulag ulgamynda kuwwatly we döwrebap düzümi döretmek maksady bilen, hyzmatdaşlyk dowam etdiriler. Bu düzüm Merkezi Aziýanyň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini hem-de biziň ýurtlarymyzyň Ýewropanyň we Aziýanyň esasy ýollaryna çykmagyny üpjün edip bilerdi” diýip, Döwlet Baştutanymyz belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň doly kuwwatynda peýdalanylmagy üçin bilelikdäki tagallalary ýokarlandyrmagy ylalaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar Aktau, Kuryk hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portlarynyň arasynda özara goşulyşmagy çuňlaşdyrmak meseleleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilien GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we “Merkezi Aziýa-Russiýa” I sammitine gatnaşdy.

2022