Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 20-21-nji oktýabr aralygynda Türkmenistana resmi sapar amala aşyrar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ministrler Kabinetiniň ýekşenbe güni geçirilen mejlisiniň dowamynda Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
“Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri goňşy ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakdan we giňeltmekden ybarat bolup, Türkmenistan Özbegistan bilen dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürýär” diýip, Raşid Meredow aýtdy.
Wise-premýeriň aýtmagyna görä, özbek tarapy bilen bilelikde saparyň maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy we saparyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Hasabatyň ahyrynda Döwlet Baştutanymyz türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hemişe dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýedigini nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýere Özbegistanyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak resmi saparynyň hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy we nobatdaky gepleşikleriň möhümdigini, onuň strategik häsiýete eýe bolan özara bähbitli türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi bermäge gönükdirilendigini belledi.