“Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 53-nji maddasyna laýyklykda kärhanalaryň bölünmegi, bölünip aýrylmagy aşakdakylardan ybaratdyr:
- Kärhananyň bölünmegi şol kärhananyň emlägini täzeden döreýän iki ýa-da birnäçe kärhananyň arasynda paýlamak arkaly amala aşyrylýar. Şonda bölünýän kärhanalaryň hukuklary we borçlary bölüji balansa laýyklykda täzeden ýüze çykýan kärhana geçýär. Kärhananyň bölünmegi onuň ýuridik şahs hökmünde hereket etmegini bes edýär.
- Kärhanadan bir ýa-da birnäçe kärhananyň bölünip aýrylmagy oňa degişli bolan emlägiň bölünip aýrylmagy we onuň täzeden ýüze çykýan bir ýa-da birnäçe kärhana geçirilmegi arkaly amala aşyrylýar. Şonda üýtgedilip guralýan kärhananyň hukuklarynyň we borçlarynyň bir bölegi bölüji balansa laýyklykda täzeden döreýän kärhana geçýär. Özünden başga bir kärhana bölnüp aýrylan esasy kärhana ykdysady işiň özbaşdak subýekti bölünip galmagyny dowam etdirýär.
- Eger esaslyk maýasyna paý gatnaşygy ýörelgesine esaslanan kärhananyň tertipnamasy tarapyndan başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ol bölünende, bölünip aýrylanda her bir gatnaşyjynyň üýtgedilip guralýan kärhananyň esaslyk maýasyndaky özüniň bar bolan paýyna barabar paýy täzeden döreýän kärhanalaryň her biriniň esaslyk maýasyndan almaga haky bardyr. Kärhanalar bölünende, bölünip aýrylanda gatnaşyjylaryň esaslyk maýasynda bölünmäge çenli hereket eden paý gatnaşygy täze döredilen kärhanalarda üýtgemegi mümkin.
Çeşme: “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny