Türkmenistan bilen Katar söwda we maliýe gatnaşyklaryny ösdürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Katar söwda we maliýe gatnaşyklaryny ösdürýär
Duşuşygyň dowamynda maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça taraplaryň gyzyklanmasy beýan edildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew we onuň ýolbaşçylygyndaky türkmen welikiliýeti bilen Katar Döwletiniň Milli bankynyň hem-de Ösüş gaznasynyň ýolbaşçy wekilleriniň arasynda duşenbe güni geçirilen duşuşykda söwda, maliýe we bank ulgamlarynda gatnaşyklary has hem ösdürmek boýunça anyk işler kesgitlenildi.

Türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletine saparynyň çäklerinde geçirilen bu duşuşykda söwda, maliýe we bank ulgamlarynda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça taraplaryň gyzyklanmasy beýan edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýle hem saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş Sekretary Ahmed bin Hassan Al Hammadi bilen syýasy-diplomatik ugry boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Diplomatlar söwda-ykdysady, maýa goýum we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň we medeni-ynsanperwer ugry boýunça gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň meselelerine seretdiler. Şeýle-de taraplar iki ýurduň DIM-leriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler.

Bulardan başga-da, Berdinyýaz Mätiýew bilen Katar Döwletiniň Milli Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tani arasynda gepleşikler geçirilip, sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Hususan-da iki ýurduň Milli Olimpiýa komitetleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselesine seredildi.

2022