TDHÇMB-da sişenbe güni awiasiýa kerosini, dizel ýangyjy we STG satyldy

BIZNES TURKMENISTAN
TDHÇMB-da sişenbe güni awiasiýa kerosini, dizel ýangyjy we STG satyldy
TS-1 awiasiýa kerosininiň bir tonnasynyň bahasy 1 müň 51 ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçirilen söwdalarynda TS-1 awiasiýa kerosini gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy we suwuklandyrylan tebigy gazy satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 48,4 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Wirgin adalarynyň, Özbegistanyň we Owganystanyň wekilleri umumy bahasy 19,9 million ABŞ dollaryna barabar bolan TC-1 awiasiýa kerosininiň jemi 19 müň tonnasyny satyn aldylar.

TS-1 awiasiýa kerosininiň bir tonnasynyň bahasy 1 müň 51 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB çarşenbe güni habar berdi.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda BAE-niň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri bir tonnasynyň bahasy 1 050,25 ABŞ dollaryna deň bolan gidrousulda arassalanan dizel ýangyjynyň 26,9 müň tonnasyny satyn aldylar. Şeýlelikde geleşikleriň umumy bahasy 28,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Owganystanyň wekili jem bahasy 219 müň ABŞ dollaryna deň bolan suwuklandyrylan tebigy gazyň (STG) 500 tonnasyny satyn almak üçin geleşik baglaşdy. STG-nyň her tonnasynyň bahasy 438 ABŞ dollaryna deň boldy.

TDHÇMB-nyň sişenbe güni geçirilen söwdalarynda 11 geleşik hasaba alyndy.

2022