“Ak bulut” HJ asma potoloklaryny Özbegistana eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ak bulut” HJ asma potoloklaryny Özbegistana eksport etdi
Kärhananyň öndürýän önümleri daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanylyp, olar Azerbaýjana, Gyrgyzystana we başga-da birnäçe goňşy döwletlere ugradylýar.

“Ak bulut” hojalyk jemgyýeti ýaňy ýakynda Özbegistana 13 müň inedördül metrden gowrak asma potoloklary eksport etdi. Bu barada “Ak bulut” kompaniýasy anna güni “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.

Kärhananyň öndürýän önümleri daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanylyp, olar Azerbaýjana, Gyrgyzystana we başga-da birnäçe goňşy döwletlere ugradylýar. Şeýle hem şu ýakynda “Ak bulut” kärhanasynda öndürilen asma potoloklar ilkinji gezek Özbekistana eksport edildi.

“Ak bulut” HJ birnäçe önümçilik işlerini üstünlikli ýola goýup, önümleriniň hili, menejmentlik, işgärleriň hukuklary we beýleki wajyp görkezijileri boýunça halkara ISO güwänamasyna eýe boldy.

Häzirki wagtda kärhana asma potoloklaryň dürli görnüşlerini, T görnüşli profilleri, bezeg önümlerini öndürýär. Şeýle hem “Ak bulut” HJ ýakyn wagtda akustik agaç diwarlyklarynyň önümçiligini ýola goýmak üçin birnäçe degişli işleri alyp barýar.

Müşderiler “Ak bulut” HJ-niň alyp barýan işleri, täzelikleri, öndürýän önümleri barada ähli maglumatlary kärhananyň resmi internet sahypasyndan we el telefonlar üçin niýetlenen “Ak bulut” mobil programmasyndan alyp bilerler.

Şeýle hem “Ak bulut” mobil programmasynda müşderiler üçin niýetlenen ýörite kalkulýator ornaşdyrylan. Müşderiler onuň üsti bilen özlerine gerek bolan önümleriň mukdaryny hasaplap bilerler.

“Ak bulut” kärhanasy bilen habarlaşmak üçin:

“Ak bulut” HJ Merkezi edarasy: Aşgabat şäher, G.Kulyýew köçe, 29-njy jaý, 1-nji gat

Telefon belgisi: +993 62-24-00-44

Mary welaýat şahamçasy: Bagtyýarlyk köçe 8-nji “B” jaýy

Telefon belgisi: +993 62-64-00-44

Lebap welaýat şahamçasy: Türkmenabat-Atamyrat gara ýolunyň 1-nji kilometri

Telefon belgisi: +993 61-20-52-05

2022