BAE-niň we Owganystanyň işewürleri uçar kerosinini satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
BAE-niň we Owganystanyň işewürleri uçar kerosinini satyn aldylar
BAE-niň we Owganystanyň işewür toparlary jemi 2,6 müň tonnadan gowrak uçar kerosinini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni geçirilen söwdalarynda TS-1 görnüşli uçar kerosinini satyn almak boýunça üç geleşik baglaşyldy. Bu geleşikleriň umumy bahasy 2,5 million ABŞ dollaryna deň boldy.

BAE-niň we Owganystanyň işewür toparlary jemi 2,6 müň tonnadan gowrak uçar kerosinini satyn aldylar. TS-1 görnüşli uçar kerosininiň bir tonnasynyň bahasy 971 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB anna güni habar berdi.

Söwdalaryň dowamynda satylan uçar kerosini Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürildi.

TDHÇMB-nyň geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 17 million 775 müň 550 ABŞ dollaryna deň boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022