Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň şenbe güni geçiren mejlisinde ýurduň dolandyryş-çäk gurluşyna üýtgetmeler girizmek teklip edildi.
Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçen bu mejlisde ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Mejlisiň dowamynda 6 etraby (Gurbansoltan eje, Gubadag, Farap, Döwletli, Oguzhan, Serhetabat), 5 sany etrap hukukly şäheri (Tejen, Gumdag, Hazar, Serdar, Köneürgenç), 1 sany şäherdäki etraby (Kenar), 2 şäherçäni (Bagabat we Garagöl), 36 sany geňeşligi ýatyrmak we 36 sany obany dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak teklip edildi.
Şeýle-de Türkmenistan boýunça 2 etrabyň, 3 şäheriň, 4 şäherçäniň, 3 geňeşligiň hem-de 21 obanyň adyny üýtgetmek boýunça teklipler hödürlenildi.
Durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, 6 sany oba şäherçe derejesini berip, Sadulla Rozmetow adyndaky, Aşyr Kakabaýew adyndaky, Gökçäge, Ataýap, Bereket hem-de Rejepguly Ataýew adyndaky şäherçeleri döretmek, 6 sany ilatly ýere oba derejesini bermek teklipleri öňe sürüldi.
Şeýlelik bilen mejlisiň netijesi boýunça Türkmenistanda jemi 37 sany etraby, 6 sany etrap hukukly şäheri, 5 sany şäherdäki etraby, 42 etrapdaky şäheri, 68 şäherçäni hem-de 469 geňeşligi we 1690 sany obany galdyrmak kararyna gelindi.