Si Szinpin hytaý-türkmen strategiki hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Si Szinpin hytaý-türkmen strategiki hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga taýýar
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin (Surat: AFP)

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda özüniň türkmen kärdeşi bilen bilelikde Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga taýýardygyny aýtdy.

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Hytaýyň jar edilmeginiň 73 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň iberen gutlag haty üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

“Golaýda biz Samarkantda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň barşynda üstünlikli duşuşyk geçirdik hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklary, dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça möhüm ähmiýetli ylalaşyklary gazanyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny kesgitledik” diýip, Hytaýyň Başlygynyň Türkmenistanyň Prezidentine iberen hatynda aýdylýar.

Şeýle-de Si Szinpin Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösmegine uly üns berýändigini belledi.

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistana gülläp ösüş we güýç-kuwwat, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Şeýle hem Hytaýyň Başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Hytaýyň jar edilmeginiň 73 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag haty üçin minnetdarlyk bildirdi.

2022