Türkmenistanyň Prezidenti Şiraz şäherinde bolan terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Şiraz şäherinde bolan terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi
Şiraz şäherindäki Şah Çerag aramgähinde bolup geçen terrorçylyk zerarly 15 adam wepat boldy we onlarçasy ýaralandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä ýurduň Şiraz şäherindäki Şah Çerag aramgähinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, Döwlet Baştutanymyzyň gynanç hatynda aýdylýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.

IRNA agentliginiň habar bermegine görä, çarşenbe güni Şiraz şäherindäki Şah Çerag aramgähinde bolup geçen terrorçylyk zerarly 15 adam wepat boldy we onlarçasy ýaralandy.

2022