“Türkmennebit” döwlet konserni we Germaniýanyň “Hybrid Innovation GmbH” kompaniýasy penşenbe güni Türkmenistana tehniki enjamlary ibermek boýunça 6 million ýewrodan gowrak bolan şertnama baglaşdylar.
Bu resminama çarşenbe güni Aşgabatda öz işine başlan “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) atly XXVII halkara maslahatynyň çäginde gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň resmi internet sahypasy habar berdi.
“Hybrid Innovation GmbH” kompaniýasy esasan hem nebit-gaz we nebithimiýa zawodlaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän innowasion energiýa tygşytlaýjy tehniki toplumlaryň üpjünçiligi bilen meşgullanýar.
Habarda bellenilişi ýaly, kompaniýa Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak we enjamlaşdyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýar.
Şeýle hem, “Türkmennebit” döwlet konserni penşenbe güni “Dragon Oil” we “Shandong Kerui Petroleum” kompaniýalary bilen ylalaşyklara gol çekdi.