“Türkmennebit” bilen “Dragon Oil” seýsmiki işleri geçirmek boýunça ylalaşyk baglaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmennebit” bilen “Dragon Oil” seýsmiki işleri geçirmek boýunça ylalaşyk baglaşdy
Bu resminama gol çekmek dabarasy Aşgabatda geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) atly XXVII halkara maslahatynyň çäginde penşenbe güni geçirildi. (Surat: Orient.tm)

“Türkmennebit” döwlet konserni bilen Dubaý emirliginiň hökümetiniň doly eýeçiligindäki “Dragon Oil” nebit we gaz gözleg, özleşdiriş we önümçilik kompaniýasy penşenbe güni Hazar deňziniň türkmen böleginiň 19-njy toplumynda 3D seýsmiki işleri geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekdi.

Bu resminama gol çekmek dabarasy çarşenbe güni Aşgabatda öz işine başlan “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) atly XXVII halkara maslahatynyň çäginde geçirildi. Bu barada Orient.tm habar berdi.

Ylalaşyga “Dragon Oil” kompaniýasy tarapyndan onuň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan gol çekdi.

“Dragon Oil” 1999-njy ýylda Türkmenistanyň hökümeti bilen önümleri bölüşmek baradaky baglaşylan şertnamanyň esasynda “Çeleken” şertnamalaýyn çäginde iş alyp barýar.

Iýul aýynda, “Dragon Oil” kompaniýasy “Türkmennebit” döwlet konserni bilen önümi paýlaşmak boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy. Bu şertnama görä, degişli taraplaryň önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşygynyň möhleti 2035-nji ýyla çenli uzaldyldy. Şertnamanyň möhletini uzaltmak döwründe “Dragon Oil”-iň maýa goýumlarynyň ýene 7-8 milliard ABŞ dollaryna ýetmegine garaşylýar.

2022