Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Koreýanyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Koreýanyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi
Günorta Koreýanyň Seul şäherinde geçirilen baýramçylyk çärelerinde emele gelen pajygaly basa-baslyk netijesinde 150 adamdan gowragy wepat bolup, 130-dan gowragy bolsa ýaralandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýola ýurduň Seul şäherindäki pajygaly basa-baslyk netijesinde, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren hadysa zerarly çuňňur gynanç bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

TASS agentliginiň habar bermegine görä, Günorta Koreýanyň Seul şäherinde geçirilen baýramçylyk çärelerinde emele gelen pajygaly basa-baslyk netijesinde 150 adamdan gowragy wepat bolup, 130-dan gowragy bolsa ýaralandy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň Prezidentine ýurduň Seul şäherinde geçirilen baýramçylyk çärelerinde emele gelen basa-baslyk netijesinde, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi.

2022