“Maksat deri” gön önümleriniň 10 million inedördül dessimetrini Türkiýä ugratdy

BIZNES TURKMENISTAN
“Maksat deri” gön önümleriniň 10 million inedördül dessimetrini Türkiýä ugratdy
“Maksat deri” kärhanasy ownuk hem-de iri şahly mallaryň derilerini işläp, olardan ýokary hilli gön önümlerini öndürmek bilen meşgullanýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy bolan “Maksat deri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (APJG) şu ýylyň başyndan bäri öndüren gön önümleriniň 10 million inedördül dessimetrini Türkiýä eksport etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

“Maksat deri” kärhanasy ownuk hem-de iri şahly mallaryň derilerini işläp, olardan ýokary hilli gön önümlerini öndürmek bilen meşgullanýar.

Bu kärhanada Italiýanyň gön önümçiligi üçin niýetlenen iň kämil tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrlandygy habarda bellenilýär.

“Maksat deri” AGPJ-de 100-e golaý hünärmen zähmet çekýär. Şeýle hem bu kärhanada her aý gön önümleriniň 2 million inedördül dessimetri taýýarlanylýar.

2022