TDG agza döwletleri Transhazar halkara ulag geçelgesindäki amallary ýeňilleşdirmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDG agza döwletleri Transhazar halkara ulag geçelgesindäki amallary ýeňilleşdirmekçi
Gepleşikleriň ahyrynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary ulag ministrleriniň 6-njy ýygnagynyň Beýannamasyna gol çekdiler.

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) ulag ministrleriniň 6-njy ýygnagyna gatnaşyjylar anna güni Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag ýoly boýunça ulag we üstaşyr amallary ýeňilleşdirmek üçin zerur çäreleri görmek baradaky tagallalaryny dowam etdirmek isleýändiklerini aýtdylar.

Duşuşyga Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýazguly Mämmedow gatnaşdy. Bu barada TDG habar berdi.

TDG ýurtlarynyň wekilleri Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag ýoly boýunça ulag we üstaşyr amallaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen sürüjiler üçin administratiw we wiza amallaryny ýönekeýleşdirmek, Ro-ro we Ro-pax görnüşli gämi daşamalary üçin arzanladyşlary we zerur goşmaça üstaşyr rugsatlary bermek, milli ýük daşaýjylary höweslendirmek, şeýle hem Hazar deňzinde ýük paromlarynyň bilelikde işini ýola goýmak ugrunda işlemäge taýýardyklaryny bellediler.

Duşuşyga gatnaşyjylar TDG-nyň agza döwletleriniň hökümetleriniň arasynda halkara multimodal ulag daşamalary boýunça ylalaşygyň we TDG-nyň ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň taslamalaryny goldadylar we olara 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Samarkantda geçiriljek TDG-nyň sammitinde gol çekmäge taýýarlyk görmek boýunça ylalaşdylar.

Şeýle hem taraplar ulag işleriniň sanlaşdyrylmagy, şol sanda “e-Permit” we “e-TIR” ulgamlaryny ulanyşa girizmek we e-CMR ulgamy boýunça işleri güýçlendirmek boýunça ýakyn hyzmatdaşlygy amala aşyrmagy ylalaşdylar.

Gepleşikleriň ahyrynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary ulag ministrleriniň 6-njy ýygnagynyň Beýannamasyna gol çekdiler.

Türkmenistan ýakyn wagtda Samarkantda geçiriljek sammitde Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) doly hukukly agzasy bolmagyna garaşylýar.

2022