Türkmenistan Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) doly hukukly agzasy bolar diýip, Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly penşenbe güni mälim etdi. Bu barada Tükiýäniň “Anadolu” agentligi habar berdi.
Mewlüt Çawuşogly degişli kararyň 11-nji noýabrda Samarkantda geçiriljek TDG-nyň sammitinde kabul ediljekdigini aýtdy.
Türki döwletleriň guramasy (TDG) ozalky Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türki geňeş) ady bilen 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Nahçywan Şertnamasy esasynda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkiýe döwletleri tarapyndan esaslandyryldy. 2018-nji ýylda Özbegistan bu guramanyň doly agzasy bolup, Wengriýa synçy döwlet hökmünde goşuldy.
Türkmenistan geçen ýylyň noýabr aýynda Türki döwletleriň guramasyna synçy döwlet hökmünde goşuldy.